Kureýşi Owgan Güýçleriniň Dargamagynyň Sebäbiniň Öwrenilmelidigini Beýan Etdi

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi Paskistanyň günäkerlenmeginiň ýerliksizdigini aýtdy

1688641
Kureýşi Owgan Güýçleriniň Dargamagynyň Sebäbiniň Öwrenilmelidigini Beýan Etdi

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi Owganystanyň parahatçylyk tapgyrynda Pakistanyň günäkärlenmeginiň ýerliksizdigini nygtap, owgan güýçleriniň Taliban tarapyndan dargadylmagynyň sebäpleriniň öwrenilmelidigini beýan etdi.

Ýerli metbugatda çykan habarlara görä Kureýşi paýtagt Yslamabatda geçiren metbugat ýygnagynda Owganystanyň hökümet resmileriniň Pakistany günäkerleme oýunyndan el çekmelidigini aýtdy.

Kureýşi resmi Kabuly sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin Pakistan bilen durnukly gatnaşyk açmaga çagyrdy.

Owganystanda kimdir birini goldamaýandyklaryny we çaknyşygyň ähli taraplaryny “owganlar” hökmünde häsýetlendirýändiklerini beýan eden Kureýşi, parahatçylyk tapgyrynyň hem iňňän aýgytly sepgide ýetendigini nygtady.

ABŞ-nyň başda durmagynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanyň milli güýçlrini goldamak üçin sarp eden serişdelerine ünsi çeken Kureýşi; “Üpjünçiligi ýokarlanmak, tälim, enjamlar. Bular nirede?” diýdi.

Kurýşi Owganystandaky howpsuzlyk güýçlerinde söweşmek üçin ygtyýaryň ýokdugyny öňe sürüp, şol sebäpli Pakistanyň günäkerlenmeli däldigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar