Fransiýada ýangyn söndürijiler Kowid-19 sanjymynyň mejburylygyna garşy iş taşlaýyş yglan etdiler

Fransiýada bir günde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 30 müňe golaýlady

1686038
Fransiýada ýangyn söndürijiler Kowid-19 sanjymynyň mejburylygyna garşy iş taşlaýyş yglan etdiler

Fransiýada koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde sanjym mejburylygy girizilen iş toparlarynyň arasyndaky Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri, iş taşlaýyş yglan etmek barada karara geldiler.

Ýangyn söndüriji gullugynyň iň uly kärdeşler arkalaşyklarynyň biri bolan FA SPP-PATS tarapyndan berilen beýanatda, sanjym mejburylygyny protest etmek maksady bilen kärdeşler arkalaşygyna agza işgärleriň 9-njy awgustda duşenbe güni möhletsiz ýagdaýda iş taşlajakdygyny habar berdi. 

Beýanatda: "Ýangyn söndürijileriň Kowid-19 sanjymyny mejbur etdirmekleri bilan bagly kanun, Konstitutsiýa ters gelýär" diýip bellenip, Konstitutsion geňeşiň kanundaky bu maddany aýyrjakdygy umyt edilýändigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Fransiýada bir günde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 30 müňe golaýlady. 

Ýurtda soňky 7 günde Kowid-19 testleri položitel çykanlaryň görkezijileri 4,1 göterim boldy.  



Degişli Habarlar