BMG Çaknyşyklaryň Arasynda Galanlar Üçin Alada Bildirýär

BMG Owganystanyň günortasyndaky Leşgergah şäherinde onlarça müň adamyň çaknyşyklaryň arasynda galmagyna çuňňur alada bildirýär

1685950
BMG Çaknyşyklaryň Arasynda Galanlar Üçin Alada Bildirýär

BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stepan Dužarrij günlük metbugat brifinginde Talibanyň harby taýdan ençeme ýeri basyp almagyndan soň Owganystanda ýaýbaňlanýan çaknyşyklaryň aladalandyryjydyny beýan etdi.

Helmand we Kandahar welaýatlarynda asuda ilatyň ýitgileriniň artýandygy, hassahanalar bilen birlikde ähli infrastruktura zyýan ýetendigini aýdan Dužarrij, Owganystanyň günortasyndaky Leşgergahda bolsa onlarça müň adamyň çaknyşyklaryň arasynda galmagyna çuňňur alada bildirýändiklerini nygtady.

Dužarrij ýylyň başyndan bäri 360 müň, 2012-nji ýyldan bäri bolsa 5 milliona barabar adamyň Owganystanda başga ýerlere göçmäge mejbur edilendigine ünsleri çekdi.

Owganystandaky taraplara asudaly ilatyň goralmagy we jemgyýetçilik binalarynyň goralmagy üçin çagyryş eden Dužarrij, halkara jemgyýetçiligini hem Owganystan üçin 1,3 milliard dollar kömek bermäge çagyrdy.

Owganystanda parahatçylyk tapgyry näbelli bolmagynda galýan bolsa, howpsuzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.



Degişli Habarlar