Ukrainada hökümet binasyna granat bilen giren adam göz tussaglygyna alyndy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde hökümet binasyna granat bilen giren adam göz tussaglygyna alyndy

1685705
Ukrainada hökümet binasyna granat bilen giren adam göz tussaglygyna alyndy

Ukrainanyň Polisiýa gullugynyň başlygy Igor Klimenko göz tussaglygyna alynan adamyň Donbass sebitinde söweşen we ýaralanan ozalky harbydygyny beýan etdi. 

Klimenko, raýatyň 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilnjekdigini habar berdi. 

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginden ilki bilen berilen beýanatda bolsa, ýerli wagt bilen sagat 10:00-da bir adamyň jübüsinden çykaran granadyny partlatmak bilen hemle atandygyny aýan edipdi.

Beýanatda polisiýa işgärleriniň ýörite operasiýa geçirendigi we şahsyýeti entek anyklanmadyk hüjümçi bilen gepleşikler geçirýändigi mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #granat , #Ukraina , #Kiýew

Degişli Habarlar