Reisi: "Embargolaryň aýrylmagy üçin iş alyp bararys" diýdi

Paýtagt Tähran şäherinde şu gün geçirilen dabara bilen Prezident mandatyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýden alan Ibrahim Reisi, ol ýerde eden çykyşynda ýurtdaky meseleleriň üstünde durup geçdi

1684906
Reisi: "Embargolaryň aýrylmagy üçin iş alyp bararys" diýdi

Eýranyň 8-nji Prezidenti Ibrahim Reisi, ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan embargolaryny aýyrmak üçin iş alyp barjakdyklaryny, emma ýurdyň ykdysadyýetini şertler bilen baglanyşdyrmajakdyklaryny habar berdi. 

Paýtagt Tähran şäherinde şu gün geçirilen dabara bilen Prezident mandatyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýden alan Ibrahim Reisi, ol ýerde eden çykyşynda ýurtdaky meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Halkyň esasan hem ykdysadyýeti, işsizligi we ýaşaýyş jaýlarynyň ýetersizliginden şikaýat edýändigini we täze hökümetden şolary üýtgetmegine garaşýandygyny aýdan Reisi: "Halk täze hökümetden adalatyň durmuşa geçirilmegini, galplyga garşy göreşiň alynyp barylmagyny we rantýeniň bes edilmegini isleýär. ABŞ-nyň Eýrana garşy goýan embargolaryny aýyrmak üçin iş alyp bararys, emma halkyň duzuny we ykdysadyýeti şertleri onuň bilen baglanyşdyrmarys. Daşary ýurtlylaryň ygtyýaryna garaşly bolmarys" diýip belledi. 

Reisi 5-nji awgustda Eýranyň mejlisinde ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek dabaradan soň, Eýranyň 8-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipä başlar. 



Degişli Habarlar