Nikol Paşinýan Premýer-Ministrlik Wezipesine Girişer

Paşinýan 15 günüň dowamynda hökümeti gurar

1684198
Nikol Paşinýan Premýer-Ministrlik Wezipesine Girişer

Paşinýan 20-nji iýunda geçirilen möhletinden irki saýlawlardan soň parlamentde eýelän halk deputatlarynyň köplügine laýyklykda premýer-ministrlige hödürlendi.

Ermenistanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä Prezident Armen Sakisýan Paşinýanyň Premýer-ministrlige bellenmegi hakyndaky permana gol çekdi.

Ýurduň konstitutsiýasyna görä premýer-ministriň bellenmeginden son täze hökümet 15 günüň dowamynda gurulmaly.

Möhletinden irki parlament saýlawlarynyň netijesine görä Nikol Paşinýanyň Jemgyýetçilik konwensiýa partiýasy sesleriň 53,91 göterimini alyp, birinji orny eýeläpdi.

Ozalky Prezidenti Robert Koçarýanyň “Ermenistan ýaranlygy” 21,09 ses alan bolsa, ozalky Prezident we Premýer-ministr Serž Sarkisýanyň goldan “Buýsanjym bar ýaranlygy” bolsa 5,22 ses alyp, mejlisde üçünji orny eýeläpdi.



Degişli Habarlar