Eýranyň täze Prezidenti Ibrahim Reisi mandatyny aldy

Eýranda 18-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawynda üstünlik gazanan konserwator Ibrahim Reisi, mandatyny ýurdyň dini lideri Ali Hamaneýden aldy

1684809
Eýranyň täze Prezidenti Ibrahim Reisi mandatyny aldy

Ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde Ymam Humeýni Hüseýniýe binasynda geçirilen mandat berilşik dabarasyna, Hamaneý bilen birlikde ülkäniň 7-nji Prezidenti Hasan Ruhani, Mejlisiň başlygy Muhammed Bakyr Kalibaf, Kazyýet organynyň başlygy Gulamhüseýin Ejei we ýurdyň beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Dabarada Içeri işler ministri Abdurryza Rahmani Fazliniň 13-nji döwürleýin Prezident saýlawy bilen bagly habarnamany bereninden soň Hamaneý, Reisiniň Prezident wezipesini tassyklap, oňa mandatyny gowşurdy. 

Bu mandat bilen birlikde Hamaneý, Reisini 4 ýyllyk möhlet bilen ýurdyň Prezidenti wezipesine belledi. 


Etiketkalar: #Prezident , #Eýran , #mandat

Degişli Habarlar