Afrikada Kowid-19-a garşy sanjyma başlamadyk ýeke-täk ýurt Eritreýa boldy

Eritreýada şu günki güne çenli 35 adam Kowid-19 sebäpli ýogaldy, 6 müň 547 adama bolsa wirus ýolukdy

1683809
Afrikada Kowid-19-a garşy sanjyma başlamadyk ýeke-täk ýurt Eritreýa boldy

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Afrika materiginde sanjymlama tapgyryna başlamadyk ýeke-täk  ýurdyň Eritreýadygy mälim edildi. 

Tanzaniýada sanjymlama tapgyrynyň 28-nji iýulda başlanmagy we Burundi döwletiniň hem sanjym etjekdigini beýan etmeginden soň materikde Kowid-19 sanjymynä başlamaýan ýeke-täk ýurt Eritreýa galdy. 

Beýleki tarapdan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Afrika bölüminiň berýän habaryna görä, materigiň ilatynyň diňe 1,6 göterimine dolulygyna sanjym edildi. 

Guramanyň berýän habaryna görä Afrika materiginde Seýşel adalary döwleti ilatynyň 68 göteriminden gowragyna sanjym etdiren bolsa, Mawrikiý ilatyň 33 göterimine, Marokko bolsa ilatynyň 26 göterimine sanjym etdi. 

Eritreýada şu günki güne çenli 35 adam Kowid-19 sebäpli ýogaldy, 6 müň 547 adama bolsa wirus ýolukdy. 



Degişli Habarlar