Owganystanda Soňky 4 Aýda Guralan Hüjümlerde Asuda Ilatdan 2 Müň 566 Adam Ýogaldy

Talibanyň hüjümleri sebäpli 621 mekdep ýapyldy

1683089
Owganystanda Soňky 4 Aýda Guralan Hüjümlerde Asuda Ilatdan 2 Müň 566 Adam Ýogaldy

Owganystanda soňky 4 aýda Taliban tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan 2 müň 566 adam ýogaldy.

Owganystanyň Parahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylaryndan Saýed Abdullah Haşimi, paýtagt Kabulda metbugata beren beýannamasynda, başbozarlaryň soňky 4 aýda 22 müň hüjüm gurandygyny aýtdy.

Haşimi agzalýan hüjümlerde asuda ilatdan 3 müň 21 adamyň ýaralanandygyny, 2 müň 566 adamyň ýogalandygyny belledi.

Haşimi Talibanyň owgan halkyna garşy guraýan bombaly we raketaly hüjümlerini dowam etdirýändigini nygtady.

Talibanyň hüjümleri sebäpli 621 mekdebiň ýapylandygyny aýdan Haşimi, müňlerçe okuwçynyň bilim almakdan mahrum bolandygyna ünsi çekdi.

Owganystandaky parahatçylyk etabyndan henize çenli oňyn netije alynmady.

Owgan howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasyndaky çaknyşyklar bolsa güýçlenmek bilen dowam edýär.



Degişli Habarlar