Sanjymlar Britaniýada 60 Müň Adamy Ölümden Halas Etdi

Britaniýada koronawirus sanjymlarynyň 22 million adamy wirusa sezewar bolmakdan we 60 müň adamy ölümden halas edendigi çaklanylýar

1682959
Sanjymlar Britaniýada 60 Müň Adamy Ölümden Halas Etdi

Britaniýanyň Halk saglygy guramasynyň çap eden habarnamasyna görä çaklamalar Kowid-19 sanjymlama maksatnamasynyň netijesinde 60 müň adamy ölümden we 22 million adamy wirusdan halas edendigi görkezýär.

Aýratynam sanjymlaryň 52,600-den gowrak adamyň hassahanada bejergi almagynyň öňüni gönüden alandygy çaklanylýar.

Britaniýanyň Saglygo goraýyş Direktorunyň orunbasary Professor Jonatan Wan-Tam, habarnama hakynda beren beýannamasynda, onuň hakyndan hem uly üstünlikdigini aýtdy.

Sanjymlama maksatnamasyna 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda başlanan ýurtda Kowid-19 sanjymynyň birinji dozasyny etdirenleriň sany 46,733,115 adama ýeten bolsa, şolardan 37,782,252 adama ikinji doza sanjym edildi.

Britaniýada düýn wirus sebäpli 85 adam ýogalypdy, 31,117 adama wirusyň ýokşandygy habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar