Nigeriýada Boko Harama Agza 91 Terrorçy Boýun Egdi

Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri Nigeriýada guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

1683094
Nigeriýada Boko Harama Agza 91 Terrorçy Boýun Egdi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama agza 91 terrorçy boýun egdi.

Goranmak ministrliniň metbugat geňeşçisi Onýeuko, harby goşunyň Borno welaýatynda guran operasiýalarynda gurama agza 91 terrorçynyň boýun egendigini nygtady.

Onýeuko, operasiýalarda gurama degişli köp sanly ýaragyň we enjamyň ele geçirlendigini belledi.

Soňky ýyllarda guralýan operasiýalara garamazdan gurama Afrikada we esasan Nigeriýa hüjümlerini dowam etdirýär.

Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri Nigeriýada guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar