Wolkan Bozkyr Kuweýtde Saparda Bolar
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygy Bozkyr Kuweýtde saparda bolar

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr iýul aýynyň 31-i bilen awgust aýynyň 2-i aralygynda Kuweýtde saparda bolar.
Kuweýdiň Emiri Şyh Newwaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah tarapyndan garşylanjak Bozkyr, Kuweýdiň mirasdar şazadasy Şyh Mesal Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşar.
Wolkan Bozkyr, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygy hökmünde gurajak soňky resmi saparynda Kuweýdiň alyp barýan köp taraply diplomatiýasyna, çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy üçin edýän tagallasyna we sebitara meseleleriň çözülmegindäki roluna ünsi çeker.
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.