Russiýa Bilen Hytaý Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirer

Bilelikdäki türgenleşige 10 müň esger bilen birlikde harby uçarlar we dikuçarlar gatnaşar

1682396
Russiýa Bilen Hytaý Bilelikde Harby Türgenleşik Geçirer

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Russiýanyň we Hytaýyň geljek aý bilelikde harby türgenleşik geçirjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, rus goşunlarynyň awgust aýynyň ortalarynda Hytaýda geçiriljek türgenleşige gatnaşjakdygy nygtaldy.

Bilelikdäki türgenleşige 10 müň esger bilen birlikde harby uçarlaryň we dikuçarlaryň gatnaşjakdygy ýatladyldy.

Beýannamada “Türgenleşigiň, Rus-Hytaý gatnaşyklaryny güýçlendirmegi we iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygy artdyrmagy maksat edinýändigi” nygtaldy.



Degişli Habarlar