Olimpiada Bilen Koronawirusa Ýoluganlaryň Sanynyň Artmagynyň Arasynda Hiç Hili Arabaglanşygy Ýok

Premýer ministr Ýoşihide, Tokio olimpiada oýunlary sebäpli koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artandygy hakyndaky garaýyşlary ret etdi

1682617
Olimpiada Bilen Koronawirusa Ýoluganlaryň Sanynyň Artmagynyň Arasynda Hiç Hili Arabaglanşygy Ýok

 

Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Tokio olimpiada oýunlary bilen koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artmagynyň arasynda hiç hili arabaglanşygyň ýokdygyny aýtdy.

Premýer-ministr Suga Ýoşihide, metbugata beren beýannamasynda 23-nji iýulda açylan Tokio olimpiada oýunlary sebäpli koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artandygy hakyndaky garaýyşlary kabul etmedi.

Premýer-ministr Suga, “Epidemiýanyň daşary ýurtlardan gelen türgenler sebäpli ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk çäreler görüldi we görmäge dowam edýäris. Olimpiada oýunlary sebäpli koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artmagynyň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýok”diýdi.

Ýaponiýada epidemiýanyň başyndan bäri düýn ilkinji gezek hasaba alynan kesellileriň sany bir günde 10 müň adamdan geçdi.

Ýurtda Kovid-19 sebäpli 15 müň 188 adam ýogaldy, hasaba alynan kesellileriň sany 904 müň 36 adama ýetdi.



Degişli Habarlar