Nigeriýada Guralan Hüjümde 18 Adam Ýogaldy

Burkina-Faso, Mali we Nigeriýa terror guramasy Al Kaida bilen arabaglanşykly toparlar bilen DAIŞ-iň hüjümlerine sezewar bolýar

1682395
Nigeriýada Guralan Hüjümde 18 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Mali serhedinde guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 18 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, şahsyýety näbelli adamlar ýurduň günbatarynda ýerleşýän Banibangou etrabyna hüjüm gurady

Hüjümde asuda ilatdan 18 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Şol etrapda 25-nji iýulda guralan hüjümde 14 adam ýogalypdy.

Burkina-Faso, Mali we Nigeriýa soňky ýyllarda ýygy-ýygydan terror guramasy Al Kaida bilen arabaglanşykly toparlar bilen DAIŞ-iň hüjümlerine sezewar bolýar.



Degişli Habarlar