Tunisiň Prezidenti ýurdyň Döwlet telewideniýesiniň Baş müdürini wezipesinden çetleşdirdi

Tunisiň Prezidenti Kaýs Said ýurdyň Döwlet telewideniýesiniň Baş müdüri Lesad Dahişi wezipesinden çetleşdirdi

1682122
Tunisiň Prezidenti ýurdyň Döwlet telewideniýesiniň Baş müdürini wezipesinden çetleşdirdi

Prezident Diwany tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Prezident Kaýs Saidiň ýurdyň Döwlet telewideniýesiniň Baş müdüri Lesad Dahişiň wezipesinden çetleşdirilmegi üçin karar kabul edendigi mälim edildi. 

Kaýs Saidiň, ýerine Awatyf ad-Dalini wagtlaýyn ýagdaýda döwlet telewideniýesini dolandyrmak üçin belländigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Prezident Kaýs Said, döwlet gaznasynyň talanmagy bilen bagly beýanat berip, pullaryň yzyna alynmagynyň we degişli adamlara pul jerimesiniň salynmagynyň gerekdigini belledi. 

Prezident Diwany tarapyndan paýlaşylan wideoda, Prezident Kaýs Saidiň Kartaja köşgünde ýurdyň Senagat we söwda federasiýasynyň başlygy Semir Majul bilen duşuşandygy habar berildi. 

Milli Para we Galplyga garşy göreş komitedi tarapyndan habarnama taýarlanandygyny aýdan Said, ýurtda 460 adamyň döwlet gaznasyny talandygyny we talanan pul mukdarynyň takmynan 4,8 milliard dollardygyny aýan etdi. 

Said ylalaşyk çagyryşyny berip, döwletiň puluny talan adamlaryň atlarynyň elindedigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #Kaýs Said , #Prezident , #Tunis

Degişli Habarlar