Kanada Ýylyň Ahyryna Çenli 401 Müň İmmigrat Kabul Eder

Kanadanyň Raýatlyk we migrasiýa işerinden jogapkär ministri Marko Mendisino bu barasynda beýannama berdi

1680385
Kanada Ýylyň Ahyryna Çenli 401 Müň İmmigrat Kabul Eder

Mendisino: “Kanada immigrasiýa meselesinde dünýä liderligini dowam etdirýär. Şu ýyl 401 müň hemişelik immigranty kabul etmek hakyndaky wadamyzy berjaý ederis. İşler kadaly dowam edýär” diýdi.

Şu günki güne çenli bir ýylda kabul ediljek iň ýokary immigrant sany bolan 401 müň adamyň hatarynda, daşary ýurtlardan edilen ýüz tutumalaryň ýany bilen şertleri berjaý edýän daşary ýurtly talyplar, daşary ýurtly wagtlaýyn zähmet immigrantlary we Kanadada ýaşaýan bosgunlar bar.

Kanadanyň Migrasiýa gullugy iýun aýynda, bir aýyň dowamynda häzirki wagta çenli iň ýokary san bolan 45,100 immigrantlyk ýüz tutmasyny seljerdi. Gulluk şollardan 35,600 sanysyna hemişelik ýaşaýyş rugsadyny berdi.

Kanadanyň Migrasiýa gullugynyň görkezijilerine görä ýurda iň köp immigrantyň kabul edilen ýyly bolan 1913-de 400,810 adam kabul edilipdi.



Degişli Habarlar