PKK/ÝPG Afrinde asuda ilaty nyşana alyp hüjüm gurady

Raketalaryň asuda halkyň ýaşaýan öýlerine degmegi netijesinde asuda ilatdan 7 adam ýaralandy

1679915
PKK/ÝPG Afrinde asuda ilaty nyşana alyp hüjüm gurady

Siriýanyň Tel Ryfat etrabynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Afrine guran raketaly hüjüminde asuda ilatdan 7 adam ýaralandy. 

Terrorçylar tarapyndan Afrin şäheriniň merkezindäki Marete çatrygyna we Siýasiýýe köçesine raketaly hüjümler guraldy. 

Raketalaryň asuda halkyň ýaşaýan öýlerine degmegi netijesinde asuda ilatdan 7 adam ýaralandy, maddy taýdan zyýan çekildi. 

Türkiýe Siriýanyň milli goşunynyň goldawy bilen 2018-nji ýylyň 20-njy ýanwarda Afrin etrabyny terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplamak üçin Zeýtun şahajygy operasiýany başladypdy, 18-nji martda Afrini dolulygyna terrorçylardan saplapdy. 



Degişli Habarlar