Nigeriýada Sil Apaty Sebäpli 15 Adam Ýogaldy

Sil apatynyň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirendigi bellenildi.

1680079
Nigeriýada Sil Apaty Sebäpli 15 Adam Ýogaldy

Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 15 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Kanonyň Daguwa obasynda 23-nji iýuldan bäri ýagýan ýagyş siliň gelmegine sebäp boldy.

Sil apaty sebäpli 15 adamyň ýogalandygy, birnäçe adamyň ýaralanandygy we köp sanly adamyň hem ýitendigi nygtaldy.

Sil apatynyň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirendigi bellenildi.

Sebitde gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.



Degişli Habarlar