Putin Russiýanyň Harby-deňiz güçleri güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin: "Duşmanyň islendik suwasty gämisini, gämisini we uçaryny anyklamak we gerek bolan halatynda oňa hüjüm guramak mümkinçiligine eýediris" diýip belledi

1679870
Putin Russiýanyň Harby-deňiz güçleri güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýanyň Harby-deňiz güçleri güni mynasybetli geçirilen dabaralarda çykyş etdi. 

Güniň ähmiýediniň üstünde durup geçen Putin, Russiýanyň harby deňiz ugrunda özgerip, gysga wagtyň içinde öňdebaryjy deňiz güýçleri döwletleriniň arasyna girmegi başarandygyny habar berdi. 

Putin: "Russiýa täsirli uzak we gysga aralykly deňiz awiasia, howpsuz kenarýaka goranyş ulgamlary bilen dowamly we üstünlikli ýagdaýda özgerýän dünýäde entegem deňi-taýy bolmadyk gipersonik ýokary takyk ýarag ulgamlaryna eýedir" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň Harby-deňiz güýçleriniň okeanlaryň ähli ýerlerinde diýen ýaly öz barlygyny dowam etdirýändigini aýdan Putin: "Russiýanyň Harby-deňiz güýçleri ýurdyň milli bähbitlerini goramak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Duşmanyň islendik suwasty gämisini, gämisini we uçaryny anyklamak we gerek bolan halatynda oňa hüjüm guramak mümkinçiligine eýediris" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar