Baýden Owganystana Goldaw Bermäge Dowam Etjekdiklerini Aýtdy

Jo Baýden Owganystana ynsanperwer kömekleri bilen birlikde goldawyň dowam etjekdigini aýtdy

1679454
Baýden Owganystana Goldaw Bermäge Dowam Etjekdiklerini Aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Owganystana ynsanperwer kömekleri bilen birlikde goldawyň dowam etjekdigini aýtdy

Düýn Ak Tamdan berilen beýannamada Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani bilen Baýdeniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi, Prezident Baýdeniň ýurdunuň Owganystandan çekilme tapgyryny tamamlap barýandygyny aýdandygy we ýurtdaky meseleler boýunça pikir alyşandygy habar berildi.

Beýannamada liderleriň “Talibanyň dowam edýän hüjümleriniň, çaknyşyklaryň gepleşikler arkaly çözülmegini goldaýandyklary hakyndaky garaýyşyna bap gelmeýandigi” meselesinde ylalaşandyklary nygtalýar.

Beýannamada, aýratynam Baýdeniň Owganystana ynsanperwer kömekleri bilen birlikde goldawyn dowam etjekdigini nygtap, Owgan howpsuzlyk güýçleriniň gaznasy üçin Kongresden 3,3 milliard dollar talap edendigi aýdylýar.

Şol serişdäniň 1 milliard dollarynyň owgan güýçleri tarapyndan ýangyç, ok-däri we ätiýaç şaý almak üçin, 700 million dollarynyň howpsuzlyk güýçleriniň aýlyk haklarynyň tölenmegi üçin we 1 milliard dollarynyň bolsa Owgan howa güýçleri tarapyndan geçirilýän operasiýalary goldamak üçin sarp ediljekdigi habar berildi.

Özara telefon söhbetdeşliginde Owganystanda dowam edýän çaknyşyklarda asuda ilatdan köp sanly adamyň aradan çykmagyna gynanç bildirildi.



Degişli Habarlar