Azat Jammu Kaşmirde Saýlawlar Geçiriler

Pakistanyň Azat Jammu Kaşmir welaýatynda halk Kanun Çykaryş Mejlisiniň saýlawlary üçin ertir ses berer.

1679418
Azat Jammu Kaşmirde Saýlawlar Geçiriler

Pakistanyň Azat Jammu Kaşmir welaýatynda halk Kanun Çykaryş Mejlisiniň saýlawlary üçin ertir ses berer.

3,2 milliondan gowrak saýlawçysy bolan saýlawda 32 syýasy partiýadan 700-den gowrak dalaşgär 53 kürsüli mejlisiň 45 kürsüsi üçin bäsleşer. Galan 8 kürsinin 5 sanysy zenanlara, 3 sanysy dini liderlere, tehnokratlara we deňizaşa ýurtlardaky kaşmirlilere wekilçilik etjek adamlara degişli.

45 kürsüden 12 sansy bolsa garaşsyzlykdan soň 1947-1965-nji ýyllaryň aralygynda Hindistandan Pakistana göçüp, Kaşmire ýerleşen 464 müň kaşmirli bosgun üçin berildi.

700-den gowrak dakaşgärden 20 sanysy zenanlardan ybarat bolan saýlawda azyndan 27 kürsi eýelän partiýa hökümeti gurar.

Azat Jammu Kaşmirde 1975-nji ýyldan bäri geçirilýän saýlawlarda Yslamabady dolandyrýan partiýanyň welaýatdaky saýlawda-da üstün çykýandygy görülýär.

Premýer-ministr Imran Hanyň Pakistanyň adalat hereketi saýlawda üstün çykjak partiýa hökmünde kabul edilýär.



Degişli Habarlar