Rus Bilermenleri Türkiýäniň Sebitleýin Güýje Öwrülendigini Beýan Edýärler

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň Aktual halkara meseleler institutynda “Russiýa we Türkiýe: Düýn, şu gün, ertir” temaly maslahat geçirildi.

1678976
Rus Bilermenleri Türkiýäniň Sebitleýin Güýje Öwrülendigini Beýan Edýärler

Aktual halkara meseleler institutynyň müdiri Oleg Karpowiç Russiýa bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekip; “Türkiýe soňky döwürde halkara arenada güýçli pozisiýa eýeleýär. Şol sebäpli Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky arkalaşyk halkara gatnaşyklaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan birine öwrüldi” diýdi.

Karpowiç Türkiýäniň Günorta Kawkazda we Orta Aziýada güýçli pozisiýa eýelemäge başlandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Döwrebap Türkiýe Ylmy Barlag Merkeziniň Müdiri Amur Gadžiýew bolsa Türkiýäniň mili bähbitlerine laýyklykda hereket edýändigini nygtap; “Türkiýe soňky 5 ýylda sebitdäki pozisiýasyny güýçlendirdi we goňşy ýurtlar bilen arkalaşygyny güýçlendirdi” diýdi.

Russiýa bilen Türkiýäniň Siriýa, Liwiýa, Garabag meseleleriniň çözülmegi üçin başlangyçlar edendigine ünsi çeken Gadžiýew özara gatnaşyklaryň “strategik” derejededigini ýatlatdy.

Aktual halkara meseleler institutynyň Ýewraziýa Ylmy Barlag Merkeziniň Başlygy Ali Musabeýli bolsa Prezident R.T.Erdogana sarpa goýýandygyny beýan edip; “Erdogan güýçli lider. Erogan garaşsyz hereket etmäge synanşýar” diýdi.



Degişli Habarlar