Fransiýada Terrorizme Garşy Göreş we Howpsuzlyk Hakyndaky Kanun Kabul Edildi

Fransiýada Terrorizme garşy göreş we howpsuzlyk hakyndaky täze kanun taslamasy Milli Mejlisde kabul edildi.

1678998
Fransiýada Terrorizme Garşy Göreş we Howpsuzlyk Hakyndaky Kanun Kabul Edildi

Fransiýada 2015-nji ýylda guralan terror hüjümlerinden soň yglan edilen adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygynyň bes edilmeginden soň 2017-nji ýylyň oktýabrynda güýje giren Içerki howpsuzlyk we terrorizme garşy göreşi güýçlendiriş kanununda (SILT) bar bolan wagtlaýyn çäreleri hemişelik ýagdaýa getirjek taslama, Milli Mejlisdäki sese goýulşykda 108 halk deputatynyň ses bermeginde kabul edildi. Taslama 20 halk deputaty garşy ses berdi.

Senatyň birinji maslahatda girizen özgertmeleri düýnki maslahatynda kanun taslamasy goşandygyna garamzdan, Milli Mejlis Senatyň özgertmelerini kanun taslamasyna girizmedi.

Çepçi deputatlardan 60 sanysy kanuny konsitutsiýanyň düzgünlerine bap gelmeýändigi sebäpli Ýokary kazyýete ýüz tutdy.

Kanun SILT-iň özenini emele getirýän, emma adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygy sebäpli wagtlaýyn bolan öýleri barlamagyň, howpsuzlyk zolagynyň döredilmeginiň, ybadathanalaryň ýapylmagynyň, haýsydyr bir günäkärlemelesi bolmadyk, emma şübheli adamlara çäklendirme çäreleriniň hemişelik bolmagyny öz içine alýar.

 



Degişli Habarlar