Germaniýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Germaniýanyň Reýnland-Pfals, Demirgazyk Reýn-Westfaliýa we Bawariýa welaýatlarynda aşa ýagan ýagyş sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 156 adama ýetdi

1676971
Germaniýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Koblens şäheriniň Polisiýa edarasyndan berilen beýanatda sil apatynda ýogalanlaryň sanynyň Reýnland-Pfals welaýatynda 110 adama ýetendigi mälim edildi. 

Beýanatda tebigy heläkçilikde 670 adamyň ýaralanandygy habar berilip, ýogalanlaryň sanynyň has hem artyp biljekdigi aýan edildi. 

Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Içeri işler ministrligi hem welaýatda sil apatynda ýogalanlaryň sanynyň 45 adama ýetendigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan ýurdyň günortasynda we gündogarynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar düýn gije hem sil apatynyň döremegine we ýer süýşgünlerine sebäp boldy. 

Awstriýa serhedinde ýerleşýän Bawariýa welaýatynyň Berhtesgaden Land sebitinde sil apatynyň we ýer süýşgünleriniň bolmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

Sebitiň dolanşygyndan berilen beýanatda, sebitde azyndan 1 adamyň ýogalandygy aýan edildi. 

Şeýlelik bilen ýurtda sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 156 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Germaniýa

Degişli Habarlar