Eýrandaky protestler dowam edýär

Feridun Benderi waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi

1678298
Eýrandaky protestler dowam edýär

Eýranda ýaşaýjylarynyň aglabasy araplar bolan Huzistan welaýatynda suwlaryň kesilmegi sebäpli dowam edýän protestleriň 6-njy gününde welaýatyň Bender Mahşehr şäherinde 1 polisiýa işgäri ýogaldy, Ize şäherinde bolsa 1 demonstrant öldürildi. 

Eýranyň IRNA resmi habarlar agentligine beýanat geren Huzistan welaýatynyň Bender Mahşehr şäheriniň häkiminiň orunbasary Feridun Benderi, düýn agşam şäherde başdan geçirilen wakalar bilen baglanşykly maglumat berdi. 

Benderi: "Demonstrantlaryň Talegani şäherçesinde öýleriň üçekleriniň birinden od açylmagy netijesinde 1 polisiýa işgäri ýogaldy we ýene-de polisiýa işgäri bolsa aýagyndan ýaralandy" diýip habar berdi. 

Feridun Benderi waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

Huzistan welaýatyndaky protestleriň 6-njy gününde welaýatyň Ahwaz, Ize, Mahşehr, Hurremşehr, Abadan, Susengerd we Şadgan şäherlerinde demonstrasiýalar geçirildi, demonstrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyklar başdan geçirildi. 

Sosial mediada paýlaşylan ýazgylarda welaýatyň Ize şäherindäki ýüzlerçe demonstrant, ýurdyň dini lideri Ali Hamaneýi nyşana alyp "Ýok bol Hamaneý" diýip şygarlar aýtdylar. 

Şol şäherde polisiýa işgärleriniň güýç ulanmagy netijesinde demonstrantlardan Muhammed Abdullahiniň ýogalandygy öňe sürüldi. 

Şeýlelik bilen ýogalan demonstrantlaryň sany azyndan 4-e ýetdi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň gözüňi ýaşardýan gaz we ýarag ulanan demonstrasiýada welaýatyň Susengerd şäherinde demonstrantlar tarapyndan bir taňk ýakyldy. 

Huzistan welaýatynyň iň uly suw çeşmeleriniň biri bolan Hurul Azim howuzlarynyň we Kerhe derýasynyň guramagy we Karun derýasyndan başga ýerlere suwyň akdyrylmagy üçin taýarlanan taslama rugsat berilmeginden soň ýüze çykan agyz suw üpjünçilik meselesi sebäpli Hamidiýe, Bostan, Şadigan, Şuş, Danýal we Mahşehr şäherlerinde 14-nji iýulda çarşenbe güni agşam demonstrasiýalar başlapdy. 


Etiketkalar: #Huzistan , #protest , #Eýran

Degişli Habarlar