Yrakda Bazarda Partlama Boldy

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 30 adam ýogaldy, 60 adam ýaralandy.

1677658
Yrakda Bazarda Partlama Boldy

Yragyň paýtagty Bagdatda bazarda bolan partlamada 30 adam ýogaldy, 60 adam hem ýaralandy.

Bagdadyň gündogarynda ýerleşýän Sadr etrabynda Al Wahilat bazarynda partlama boldy.

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 30 adam ýogaldy, 60 adam ýaralandy.

Ýaralananlaryň arasynda zenanlar we çagalar hem bar.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Milli Goranmak ministrliginiň howpsyzlyk gullugy partlamanyň terrorçylykly hüjümdigini mälim etdi.

Premýer-ministr Mustafa Al Kazymi hem hüjümiň guralan zolagyndan jogapkär serkerdäniň saklanmagy üçin görkezme beripdi.


Etiketkalar: #partlama , #Yrak , #bazar ýeri

Degişli Habarlar