Gurban Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär

Baýram namazlarynda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy görlen çärelere üns berildi.

1677867
Gurban Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär
kurban bayrami.jpg
balkanlar namaz.jpg
azerbaycan bayram.jpg
afganistan bayram.jpg
almanya bayram.jpg

Dünýäniň çar tarapynda musulmanlar Gurban baýramyny belläp geçýär.

Germaniýanyň paýtagty Berlindäki musulmanlar Möwlana we Şehitlik metjitleriniň başda durmagynda şäherdäki beýleki metjitlerde baýram namazy üçin bir ýere jemlenişdi.

Russiýadaky musulmanlar baýram namazy üçin Prezident R. T. Erdogan tarapyndan açylan Moskwadaky Merkezi metjitde bir ýere jemlenişdi.

Russsiýa Federassiýasynyň Musulmanlar we Müftüler geňeşiniň başlygy Rawil Gaýnutdin musulman dünýäsiniň gurban baýramyny gutlap baýramyň düşümli bolmagyny diledi.

İtaliýanyň birinji futbol ligasynyň komandalaryndan Milan hem musulmanlaryň gurban baýramyny gutlady.

Azerbaýjanlylar baýram namazyny paýtagt Bakudaky Ežder Beý metjidinde okady.

Gruziýada, Yrakda, Owganystanda, Nigeriýa we Keniýada halk baýram namazy üçin ertiriň irki sagatlarynda metjitlere geldi.

Baýram namazlarynda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy görlen çärelere üns berildi.



Degişli Habarlar