Belgiýada Sil Apaty Sebäpi Ýogalanlaryň Sany 31 Adam Ýetdi

Ýiten 163 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.

1677184
Belgiýada Sil Apaty Sebäpi Ýogalanlaryň Sany 31 Adam Ýetdi

Belgiýada sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 31, dereksiz ýitenleriň sany 163 adama ýetdi.

Suwyň çekilmegi bilen birlikde düýn başlan gözleg we halas edişleriniň depgini güýçlendi.

Apatda 31 adamyň ýogalandygy anyklandy.

Ýiten 163 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.

Premýer ministr Aleksander de Kroo, düýn beren beýannamasynda sil apaty sebäpli uly ýitgi çekendiklerini nygtady we ÝB-den kömek sorajakdyklaryny belledi.

Sil apaty sebäpli 37 müň hojalygyň elektrik togy kesildi.

Belgiýanyň hökümeti 20-nji iýuly milli ýas hökmünde yglan edipdi we 21-nji iýulda garaşsyzlyk baýramy mynasibetli geçiriljek çäreleri bes edipdi



Degişli Habarlar