Talibandan gaçan owganlar Täjigistana sygyndy

Owganystanda soňky 2 günde Taliban howpundan gaçan 347 adam serhedi geçip, Täjigistana sygyndy

1675628
Talibandan gaçan owganlar Täjigistana sygyndy

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitediniň Serhet gorag bölüminiň metbugat ofisinden berilen beýanatda, soňky 2 günde Talibandan gaçan Badahşan welaýatynyň Andemin  obasynyň ýaşaýjylaryndan aralarynda 77 zenan we 177 çaga bolan asly gyrgyz jemi 347 Owganystanly raýatyň Tajigistanyň Daglyk Badahşan awtonom zolagynyň Murgap etrabyna geçendigi mälim edildi. 

Toparyň serhedi geçen mahaly 2 bäbegiň ýogalandygy habar berilen beýnatda, bäbekleriň näme sebäpli ýogalandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Beýanatda Täjigistanyň Döwlet serhet goragçylarynyň owgan raýatlaryň serhedi geçip ýurdyň topraklaryna geçmegine rugsat berilendigi bellenip, şol adamlaryň Murgap etrabyndaky obalara ýerleşdirilendigi habar berildi. 

Beýanatda mundan başgada geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde owgan raýatlarynyň ýanynda anyklanan 3,5 kg neşe maddasynyň ele salynandygy aýan edildi. 

Talibanyň Owganystanyň Täjigistan serhediniň golaýyndaky käbir zolaklary ele geçirmeginden soň, iki ýurdyň arasyndaky serhetde ýagdaý dartgynlaşdy. 

Talibanyň hüjümlerinden gaçan 1500-e golaý owgan esger hem Täjigistana sygynypdy. 



Degişli Habarlar