Putin Jon Kerri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Söhbetdeşlikde howa çalşygy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşylandygy habar berildi
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Klimat çalşygy boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kremlden berlen beýannamada, Kerriniň Russiýa guraýan saparynyň çäginde Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we klimat çalşygyna garşu göreş hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýannamada “Putin, Russiýanyň Pariž şertnamasynyň öz maksadyna ýetmegine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady” diýilýär.
Telefon söhbetdeşliginde şol çäkde BMG-niň Howa çalşygy boýunça 26-njy maslahatyna taýarlyklaryň gün tertibine gelendigi nygtalyp; “Umuman alnanda howa çalşygy boýunça meselelerine Russiýa bilen ABŞ-nyň birmeňzeş garaýandygy bellenildi” diýilýär.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.