Alžir Hytaýyň “Sinovak” we Russiýanyň “Sputnik V” Sanjymlaryny Öndürer

Alžir koronawirusa garşy 20 million doza sanjym alandyklaryny mälim edipdi emma häzire çenli diňe 2 million adama sanjym edildi.

1674922
Alžir Hytaýyň “Sinovak” we Russiýanyň “Sputnik V” Sanjymlaryny Öndürer

Alžir sentýabr aýyndan başlap täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen Hytaýyň “Sinovak” we Russiýanyň “Sputnik V” sanjymlarynyň bilelikde öndüriljekdigini mälim etdi.

Alžiriň Derman senagaty gullugynyň başlygy Lütfi Bin Bahmed, Hytaý we Russiýa bilen sanjymlaryň bilelikde öndürilmegi meselesinde gepleşik geçirilýändigini aýtdy.

Bin Bahmed, sentýabr aýyndan başlap iki sanjymyň bilelikde öndüriljekdigini aýtdy.

Alžiriň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, 45 million ilatly ýurtda 146 müň 942 adam Kovid-19 sebäpli hasaba alyndy, 3 müň 851 adam hem ýogaldy.

Alžir koronawirusa garşy 20 million doza sanjym alandyklaryny mälim edipdi emma häzire çenli diňe 2 million adama sanjym edildi.


Etiketkalar: #Alžir , #koronawirus , #sanjym

Degişli Habarlar