Russiýa Owganystandaky diplomatlaryny Özbegistana geçirdi

Owganystanyň Mazary Şerif şäherinde iş alyp barýan rus diplomatlar Özbegistana geçirildi

1674556
Russiýa Owganystandaky diplomatlaryny Özbegistana geçirdi

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ýusuf Kabuljanow beren ýazmaça beýanatynda: "Häzirki wagtda Owganystanyň Haýratan şäherinde ýerleşýän Russiýa Federasiýasynyň Mazary Şerif şäherindäki Baş konsullygynda iş alyp baran rus diplomatlar howpsuz ýagdaýda Özbegistana geçirildi" diýip habar berdi. 

Soňky wagtlarda Talibanyň Özbegistan serhediniň golaýyndaky Owganystanyň käbir etraplaryny ele geçirmeginden soň iki ýurdyň serhetleriniň arasyndaky ýagdaý dartgynlaşdy. 

Talibanyň hüjümlerinden gaçan 100-e golaý Owgan esger Özbegistana sygynypdy. 



Degişli Habarlar