ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

Russiýa goýlan sanksiýalaryň möhlediniň 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzadylmagy hakynda karar kabul edildi

1674037
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy

ÝB, Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli 2014-nji ýylda Russiýa goýan ykdysady sanksiýalarynyň möhledini ýene-de 6 aý uzatdy.

ÝB Geňeşi, Russiýa goýlan sanksiýalaryň möhlediniň 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.

Russiýa 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtanomiýasy bilen Siwastopol şäherini anneksirläpdi.

Krymyň Russiýa tarapyndan anneksirlenmeginden we Ukrainanyň gündogarda başdan geçirlen wakalardan soň ÝB we ABŞ bilen birlikde käbir ýurtlar Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýmaga başlapdy.

ÝB-niň 2014-nji ýylda Russiýa goýan sanksiýa kararyna laýyklykda ÝB-ne agza ýurtlar Russiýa ýarag satyp bilmeýär.

Sanksiýalar, Russiýanyň nebit-gaz pudagynda ulanylýan käbir tehnalogiýa enjamlaryny ÝB-ne agza ýurtlardan almagyny hem çäklendirýär.

2014-nji ýylda goýlan sanksiýalaryň möhledi 6 aýdan bir gezek ulanylýar.


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa , #ÝB

Degişli Habarlar