Terror guramasy DAIŞ-iň liderleriniň biri tussag edildi

Terror guramasy DAIŞ-iň liderleriniň biri bolan Marokkonyň raýaty bir terrorçy Italiýada tussag edildi

1673413
Terror guramasy DAIŞ-iň liderleriniň biri tussag edildi

Marokkonyň Içeri razwedka gullugyndan berilen beýanata görä, DAIŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň biri bolan Abu al-Bera adyny ulanýan Marokkonyň raýaty, Italiýanyň terrora garşy göreş gullugyna berilen razwedka maglumatyň esasynda Italiýada geçirilen operasiýa bilen tussag edildi. 

Beýanatda Abu al-Beranyň ençeme ýyllap Siriýada we Yrakda guramanyň işjeň bolan ýerlerinde ýolbaşçy wezipesinde iş alyp barandygy habar berildi. 

Beýanatda mundan başgada Marokkonyň razwedka gullugynyň ozal DAIŞ-iň düzüminde bolan adamlary soraga çekmegi netijesinde alan maglumatlaryň esasynda ady agzalan adamy, Ýewropa bikanun ýollar bilen geçendigini anyklandygy we razwedka gözegçiligini dowam etdirmegi netijesinde Italiýadaky ýaşaýan ýeriniň anyklanandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar