Srebrenisa gyrgynçylygynyň 26-njy ýyly bilen bagly hatyralama çäresi geçirildi

Bosniýa-Gersegowinanyň gündogaryndaky Srebrenisa şäherinde 1995-nji ýylyň iýul aýynda başdan geçirilen gyrgynçylygyň 26-njy ýyly bilen bagly hatyralama çäresi geçirildi

1673492
Srebrenisa gyrgynçylygynyň 26-njy ýyly bilen bagly hatyralama çäresi geçirildi

Bosniýa-Gersegowinadaky söweşde BMG-na degişli esgerleriň merkezi baza hökmünde ulanan köne akkumulýator fabriginde geçirilen hatyralama çäresinde çykyş eden Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Sefik Dzaferowiç, 1995-nji ýylyň iýul aýynda başdan geçirilen gyrgynçylygyň ýeke-täk maksadynyň 8 müňden gowrak adamyň öldürilmeginiň bolmandygyny belläp: "Gyrgynçylygyň esasy maksady, şol adamlaryň dolulygyna ýok edilmekdigini, maşgalalarynyň eýesiz we goragsyz goýulmakdygyny, sürgün edilmekdigini we bu sebitde ýaşaýan bosniýalylaryň asla dikelmzligidigi" diýip nygtady. 

Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Sefik Dzaferowiç, Srebrenisadaky gyrgynçylygyň Bosniýaly serpleriň syýasy maksatlarynyň önümi bolandygyny, gutarnykly maksatlarynyň Serbiýa bilen serhetleri ortadan aýyryp, "Beýik Serbiýa" ideologiýasyny durmuşa geçirmek bolandygyny habar berdi. 

Gyrgynçylykdan diri galmagy başaran srebrenisalylar, edenlerini boýun alan serp esgerler we öldürilen adamlaryň jesetleriniň gizlenmeginde iş alyp baran adamlar tarapyndan hem subut edilendigini aýdan Sefik Dzaferowiç halkara kazyýetlere, beren kararlarynyň arkasynda durmaklary we gyrgynçylygyň inkär edilmegine päsgel bermekleri barada çagyryş berdi. 

Hatyralama çäresinden soň oňa gatnaşyjylar, köne fabrigiň golaýynda ýerleşýän we gyrgynçylykda wepat bolan adamlaryň jaýlanan Potoçari memorial ýadygärligine geçdiler. 

Okalan jynaza namazyndan soň ýene-de 19 adam jaýlandy. 

Potoçari memorial ýadygärligine şu günki güne çenli 6 müň 652 adam jaýlanypdy, şu günki jaýlanan admalar bilen birlikde bolsa şol san 6 müň 671 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar