Russiýa, Demirgazyk Koreýa Sanjym Bermegi Teklip Etdi

Ministr Lawrow “Demirgazyk Koreýadaky ilçihanasymyz arkaly sanjym we lukmançylyk enjam kömegini bermegi teklip edik” diýdi

1672221
Russiýa, Demirgazyk Koreýa Sanjym Bermegi Teklip Etdi

Russiýanyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli serhetlerini ýapan we gytlyk howpyny başdan geçirýän Demirgazyk Koreýa sanjym bermegi teklip edendigi habar berildi.

"Nknews.org" internet saýtynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, metbugata beren beýannamasynda, Demirgazyk Koreýadaky ýagdaý bilen arabaglanlykly soraga jogap berdi.

Ministr Lawrow “Demirgazyk Koreýadaky ilçihanasymyz arkaly sanjym we lukmançylyk enjam kömegini bermegi teklip edik” diýdi.

Lawrow, Demirgazyk Koreýanyň epidemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin serhetlerini ýapandygyna ünsi çekdi.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýadaky ilçihanasy, aprel aýynda beren beýannamasynda,  görlen berk çäreleriň gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi barada duýduryş beripdi.



Degişli Habarlar