BAE-de partlama we ýangyn boldy

BAE-niň iň uly portlarynyň biri bolan Jebel Ali porty, Dubaý şäheriniň merkezinden 30 km uzaklykda ýerleşýär

1671874
BAE-de partlama we ýangyn boldy

BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän Jebel Ali portynda uly partlama we ondan soň ýangyn boldy. 

Näme sebäpli bolandygy entek doly anyklanmadyk partlamanyň, portda duran gämidäki konteýnerleriň biri sebäpli bolandygy çak edilýär. 

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adamyň bolmandygy habar berildi. 

Partlamadan soň ýüze çykan ýangyn bolsa gysga wagtda gözegçilik astyna alyndy. Toparlar sowadyş işlerini geçirýärler. 

Jebel Ali portynda duran gämileriň birindäki konteýneriň näme sebäpli partlandygy entek doly anyklanmasada, käbir konteýnerlerde bolan ýanyjy maddalaryň sebäp bolan bolup biljekdigi çak edilýär. 

Wakanyň başdan geçirilen mahaly porta ýakyn bolan şaýatlar, partlamanyň täsiri bilen golaýdaky binalaryň hem yranandygyny mälim etdi. 

BAE-niň iň uly portlarynyň biri bolan Jebel Ali porty, Dubaý şäheriniň merkezinden 30 km uzaklykda ýerleşýär. 

 


Etiketkalar: #ýangyn , #partlama , #port , #Dubaý , #BAE

Degişli Habarlar