Russiýa Gara deňizde harby türgenleşik geçirdi

Russiýanyň goşunyna degişli Gara deňiz harby floty, Krasnodar sebitinde S-400 howa goranyş ulgamlarynyň hem gatnaşdyrylan harby türgenleşik geçirdi

1671105
Russiýa Gara deňizde harby türgenleşik geçirdi

Gara deňiz flotyndan berilen beýanatda, birikmä degişli howa goranyş bölümçeleriniň Gara deňiziň kenaryndaky Krasnodar sebitinde harby türgenleşik geçirendigi mälim edildi. 

Harby türgenleşige 100 harbynyň we 30 harby enjamyň gatnaşdyrylandygy habar berilen beýanatda: "S-400 we Pantsir-S howa goranyş ulgamlary, türgenleşigiň çäginde söweşjeň pozisiýa geçirilip, toslama duşmana degişli howa nyşanalaryny anyklady we olaryň yzyndan gözegçilik işlerini geçirdi. Mundan başgada nyşanalaryň ýok edilmegi üçin elektron raketalar uçuryldy" diýip aýan edildi. 

Russiýanyň goşuny soňky wagtlarda ABŞ-nyň we Ukrainanyň ýolbaşçylyk edýän we aglabasy NATO agza ýurtlar bolan "Sea Breeze 2021" atly harby türgenleşik sebäpli Gara deňizdäki harby işjeňligini artdyrypdy. 

28-nji iýunda başlan we 10-njy iýula çenli dowam etjek "Sea Breeze 2021" atly harby türgenleşige NATO agza 30-dan gowrak ýurt gatnaşýar. 



Degişli Habarlar