Putin we Paşinýan Moskwada duşuşyk geçirerler

Russiýa bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar maslahatlaşylar

1671115
Putin we Paşinýan Moskwada duşuşyk geçirerler

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýan şu gün Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde özara duşuşyk geçirerler. 

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Putiniň Paşinýan bilen geçirjek duşuşygynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň arasynda 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda baglaşylan Garabag ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi, ynsanperwer kömek we sebitdäki ykdysady we aragatnaşyk ugurlarynyň ýaňadandan ýola goýulmagy bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Duşuşykda Russiýa bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar maslahatlaşylar. 



Degişli Habarlar