Ysraýyl Bilen Günorta Koreýa Sanjym Çalşygy Meselesinde Ylalaşyk Gazandy
Ysraýyl, möhledi gutarýan 700 müň doza BioNTech-Pfizer sanjymyny Günorta Koreýa berer
Ysraýyl, möhledi gutarýan 700 müň doza BioNTech-Pfizer sanjymyny Günorta Koreýa bilen çalyşmak meselesinde ylalaşyk gazandy.
Ysraýylyň Premýer ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýyl bilen Günorta Koreýanyň Kovid-19-a garşy öndürlen BioNTech-Pfizer sanjymyny çalyşjakdygy nygtaldy.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Ysraýyl ammarlaryndaky möhledi gutarýan 700 müň doza BioNTech-Pfizer sanjymyny Günorta Koreýa berer.
Günorta Koreýa hem BioNTech-Pfizerden sentýabr- oktýabr aýynda aljak 700 müň doza sanjymyny Ysraýyla berer.
Ysraýyl 18-nji iýunda möhleti gutarýan sanjymlaryny Palestina bilen çalyşmak meselesinde ylalaşyk gazanypdy.
Ylalaşyga laýyklykda Ysraýyl ammarlaryndaky möhledi gutarýan 1 million doza BioNTech-Pfizer sanjymyny Palestina bermelidi.
Palestina hem BioNTech-Pfizerden sentýabr-oktýabr aýynda aljak sanjymyny Ysraýyla bermelidi.
Palestinanyň hökümeti sanjymlaryň möhlediniň gysga wagtda gutarýandygy sebäpli bu ylalaşykdan ýüz öwüripdi.
Degişli Habarlar
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Bombardyman uçarynyn tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrandygy bellenildi.