Filippinlerdäki uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň günortasyndaky Sulu welaýatynda harby uçaryň gonjak mahaly ýere gaçmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 50 adama ýetdi

1670112
Filippinlerdäki uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy

Filippinleriň goşunynyň adyndan beýanat beren general Edgard Arewalo, uçar heläkçiliginde 49 adamyň halas bolandygyny, 47-si harby jemi 50 adamyň bolsa ýogalandygyny habar berdi. 

Harby mekdepden täze uçurym bolan harbylary gullyk borçlaryny ýerine ýetirjek ýerine alyp gitmek maksady bilen ýola çykan harby uçaryň ýere gaçan ýerinde ýerleşýän obanyň 4 ýaşaýjysy hem wakada ýaralandy. 

Düzüminde 3 uçarman, 5 ekipaž we 88 harby jemi 96 adamyň bolan C-130 kysymly harby uçar, düýn ýerli wagt bilen sagat 11:30-da Sulu welaýatynyň Žolo adasyna gonjak mahaly şol ýerdäki Patikul şäherçesiniň Bangkal obasyna gaçypdy. 

Şaýatlaryň habar bermegine görä, uçaryň ýere gaçmadan ozal ençeme esger uçardan daşyna böküpdi. 


Etiketkalar: #harby uçar , #Filippinler

Degişli Habarlar