Taliban Owganystanda ýene-de 7 etrabyň gözegçiligini ele geçirdi

Owganystanda soňky 24 sagatda ýurdyň Badahşan, Kandagar we Paktiýa welaýatlarynda 7 etrap Talibanyň gözegçiligine geçdi

1669527
Taliban Owganystanda ýene-de 7 etrabyň gözegçiligini ele geçirdi

Badahşanyň welaýat Şurasynyň wekili Ahmed Jawid Müjeddedi, Talibanly başbozarlaryň Badahşan welaýatynyň Kof Ab, Ragistan, Jurum, Şahri Buzurg we Ýaftal etraplaryna ýaragly hüjüm gurandygyny, howpsuzlyk güýçleriniň çekilmegi bilen ol ýerleriň Talibanyň gözegçiligine geçendigini habar berdi. 

Bolan ýaragly çaknyşykda taraplaryň ikisiniň hem adam ýitgilerini çekendigini aýdan Müjeddedi, Badahşan welaýatynyň 28 etrabyndan 12-siniň Talibanyň gözegçiligindedigini aýan etdi. 

Ýurdyň günortasyndaky Kandagar welaýatynyň Penjwai etraby hem Taliban tarapyndan basylyp alyndy. 

Kandagaryň Içeri işler edarasynyň resmileri, Penjwai etrabyna hüjüm guran Talibanly başbozarlaryň ol ýeriň gözegçiligini eline geçirendigini beýan etdiler. 

Paktiýanyň welaýat Şurasynyň başlygy Abdul Malik Zazai bolsa Talibanly başbozarlaryň Paktiýa welaýatynyň Zurmet etrabyny basyp alandygyny mälim etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa soňky 24 sagatda ýene-de 10 etrabyň gözegçiliginiň özleri tarapyndan ele salynandygy öňe sürüldi. 



Degişli Habarlar