Idlibde Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 8 Adam Ýogaldy

Ýaralanan 9 adam hem golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

1669105
Idlibde Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 8 Adam Ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler bilen Eýran tarapyndna goldanýan terrorçy toparlaryň, Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.

Anadoly Habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Asada tabynlykdaky güýçler, Idlibiň günortasynda ýerleşýän Iblin, Meşşun we Belýun obalaryna gury ýerde hüjüm gurady.

Hüjümde Iblinde 5, Belýunda 2 we Meşşunda 1 bolmak bilen asuda ilatdan jemi 8 adam ýogaldy.

Ýaralanan 9 adam hem golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2020-njy ýylyň 5-nji martynda hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň wagtal-wagtal ylalaşygy bozýandygyna garamazdan ylalaşyk umuman alnanda dowam edýär.



Degişli Habarlar