Owganystanda syýasylara bilelikde hereket etmek barada çagyryş berildi

Owganystanyň Ýokary Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, ýurdyň gelejeginiň howp astyndadygyny we syýasylaryň bilelikde hereket etmeginiň gerekdigini belledi

1668111
Owganystanda syýasylara bilelikde hereket etmek barada çagyryş berildi

Owganystanyň Ýokary Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, ýurdyň paýtagty Kabul şäherinde Ýokary Milli ylalaşyk geňeşiniň liderlik komitediniň maslahatynda eden çykyşynda, daşary ýurtly harby güýçleriniň ýurtdan çekilmäge başlamagy bilen ülkede hüjümleriň artandygyny mälim etdi. 

Abdullah: "Ýurdyň gelejegi howp astynda, syýasylar bilelikde hereket etmelidir" diýip habar berdi. 

Talibanyň gepleşikler geçirmegiň ýerine söweşini artdyrandygyny aýdan Abdullah, adamlaryň Talibanyň parahatçylyk niýetine ozal hem şübheli garandygyny we şol şübhäniň hüjümleriň artmagy bilen has hem ulalandygyny aýan etdi. 

Parahatçylyk ylalaşyklaryndan birtaraplaýyn häsýetde netije alynyp bilinmejekdigini aýdan Abdullah: "Taraplaryň ikisi hem parahatçylyga bolan ygtyýaryny sözüň doly manysynda görkezmegi gerek. Biziň wekiliýetimiz häzirki wagtda Kataryň paýtagty Doha şäherinde. Maksadymyz meseleleriň gepleşikler arkaly çözüwe gowuşmagy" diýip belledi. 

Owganystanda parahatçylyk tapgyry näbelli bolmagynda galýarka, ýurtdaky hüjümler dowam edýär. 

Soňky 2 aýda Talibanyň gözegçiligi astyna geçen etraplaryň sany 45-den geçdi. 

BMG tarapyndan berilýän maglumata görä, Taliban ýurdyň territoriýasynyň 50-70 göterim aralygyny öz gözegçiliginde saklaýar. 



Degişli Habarlar