Yrakda protestçilere od açyldy

Wakada 4 adam ýaralandy

1667178
Yrakda protestçilere od açyldy

Yragyň Howpsuzlyk güýçleriniň ýurdyň günortasyndaky Wasyt welaýatynda elektrik toklaryň kesilmegini protest eden demonstrantlara garşy od açmagy netijesinde 4 adam ýaralandy. 

Wasyt welaýatynda eýýäm ençeme wagt bäri dowam edýän elektrik toklaryň kesilmegini protest eden ýüzlerçe adam "Al-Aziziýe" elektrik desgasynyň öňüne ýygnandylar. Howpsuzlyk güýçleri ýaragsyz adamlara od açdy. 

Şaýatlar 3-siniň saglyk ýagdaýy agyr bolan jemi 4 adamyň ýaralanandygyny we ýaralanan adamlaryň hassahanalara alynyp gidilendigini mälim etdi. 

Yragyň Elektrik ministri Majid Mehdi Hantuş, geçen hepdäniň çarşenbe güni elektrik toklaryň kesilmegi sebäpli artan protestleriň netijesinde wezipesinden çekilipdi. 

Howanyň derejesi takmynan 50 gradusa ýeten ýurtda halk, yssy howa bilen birlikde elektrik toklaryň kesilmegi meselesine hem sezewar galýar. 


Etiketkalar: #od açmak , #elektrik tok , #Yrak

Degişli Habarlar