Jo Baýden Ak Tamda Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin Bilen Duşuşdy

“ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde Ysraýyla goldaw bermäge dowam etjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris."

1666518
Jo Baýden Ak Tamda Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 9-njy iýulda iş möhledi gutarýan Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin bilen Ak Tamda duşuşdy.

Baýden bilen Riwlin, Ak Tamda metbugata ýapyk häsiýetinden geçirlen duşuşykdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Iş möhledi 9-njy iýulda gutarýan Riwlini Ak Tamda kabul etmekden hoşaldygyny aýdan Baýden, Ysraýylyň täze Premýer-ministri Naftali Benneti hem gysga wagtda kabul etmek isleýändigini ýatlatdy.

Ysraýyla goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtan Baýden “ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde Ysraýyla goldaw bermäge dowam etjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris. Hemişe nygtaşýym ýaly Ysraýyl bolmadyk bolsady biz bir sany Ysraýyl dörederdik” diýdi.



Degişli Habarlar