Meksikada ýaragly toparlaryň arasynda çaknyşyk boldy

Meksikanyň demirgazygynda düýn ýaragly toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda ýogalanlaryň sany 34 adama ýetdi

1665404
Meksikada ýaragly toparlaryň arasynda çaknyşyk boldy

La Jornada atly internet saýtynyň berýän habaryna görä, ýurdyň Zakatekas ştatynda bäsdeş ýaragly toparlar gözegçilik ýerleri bile bagly düşünişmezçilikleriniň netijesinde agyr ýaraglar bilen biri-birlerine hüjüm guradylar. 

Resmiler ýaragly çaknyşygyň Halisko täze nesil karteli bilen Sinaloa karteliniň arasynda başdan geçirilýändigini we düýnden bäri ýogalanlaryň sanynyň 18-den 34-e ýetendigini mälim etdiler. 

Sebite howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilmegi bilen birlikde, wakanyň köptaraplaýyn derňelmegi üçin giň gerimli howpsuzlyk çäreleriniň astynda döwlet prokurory ugradyldy. 

Meksikanyň iň güýçli we iň rehimsiz jenaýatçylykly guramasy hökmünde kabul edilýän Halisko täze nesil karteli, sebitiň gözegçiligi üçin Sinaloa karteli bilen çaknyşýar. 

Meksikada 2006-njy ýylda kartelleri ýok etmek maksady bilen başladylan göreşiň çägindäki gurşawda häzirki wagta çenli 300 müňden gowrak adam ýogaldy. 340 müňden gowrak meksikalynyň ýerlerinden göçürilen bu tapgyrda takmynan 40 müň adam dereksiz ýitdi.


Etiketkalar: #çaknyşyk , #kartel , #Meksika

Degişli Habarlar