Eýran, Sputnik VSanjymyny Öndürmäge Başlady

Actower Grup derman firmasynyň önümçilik desgalarynda aýda 2 million doza rus Sputnik V sanjymy öndürler

1665292
Eýran, Sputnik VSanjymyny Öndürmäge Başlady

Eýran, Russiýanyň täze görnüş koronawirusa garşy taýarlan Sputnik V sanjymyny öndürmäge başlady.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, paýtagt Tährandaky Actower Grup derman firmasynyň öndüren Sputnik W sanjymy, Saglygy goraýyş ministri Said Nemekiniň gatnaşmagynda geçirlen dabarada tanyşdyryldy.

Actower Grup derman firmasynyň önümçilik desgalarynda aýda 2 million doza rus Sputnik V sanjymy öndürler.

Wirusa garşy netijeliligi 90 göterimden ýokarda bolandygy aýdylýan Sputnik V sanjymy 67 ýurt tarapyndan tassyklandy.

ÝB-ne agza käbir ýurtlar bilen ABŞ bolsa heniz Sputnik V sanjymyny tassyklamady.

Eýran 26-njy ýanwarda Sputnik V sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat beripdi we sanjymlaryň ilkinji tapgyry 4-nji fewralda Eýrana gowşurlypdy.

9-njy fewralda sanjymlama tapgyryna başlan Eýranda häzire çenli 6 million doza sanjym edildi.



Degişli Habarlar