Afrinde Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1-i çaga 3 adam ýogaldy, 3 adam hem ýaralandy
1665255

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Afrin etrabynda guralan bombaly hüjümde 1-i çaga 3 adam ýogaldy, 3 adam hem ýaralandy.
“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terrordan saplanan Afrin etrabynda ulaga goýlan bomba ýaryldy.
Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1-i çaga 3 adam ýogaldy, 3 adam hem ýaralandy.
Howpsyzlyk güýçleri terrorçylykly hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.
Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astynda ýerleşýän Afrin etraby, 2018-nji ýylyň mart aýynda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.